Yslam Dini

Yslam dini barada türkmen dilindäki ýazgylar toplumy


    Iman etmek

    Share

    Admin
    Admin

    Posts : 20
    Join date : 21/11/2009

    Iman etmek

    Post  Admin on Mon Nov 23, 2009 4:55 am

    Iman – bir zada ynanmak, bir zady tassyklamak, bir kişiniň aýdanlaryny kabul etmek diýmekdir. «Iman» sözi ygtykat bilen manydaş bolup, teslim bolmak – boýun egmek manysyny hem öz içine alýar.

    Ystylah taýyndan iman – Allah Tagalanyň dinini kalp bilen kabul etmek, ýagny, Resulullahyň bildiren zatlaryny kalp bilen gümansyz tassyk etmekdir. Iman kalp bilen tassyk etmekden ybarat bolsa-da, tassyk edilen zatlary dil bilen ykrar etmek, muňa şaýat bolmak hem hökmandyr. Imanyny kalbynda gizleýän kişi Allah Tagalanyň ýanynda Mü'min saýylsa-da, imanyny söz, hereket we amallary bilen subut etmese, ýagdaýy beýleki musulmanlara näbelli bolup galýar we onuň musulmandygyna şaýat bolunmaýar. Şol sebäpli Ählisünnet ymamlary iman üçin kalbyň tassyklamagyny ýeterlik görse-de, Ymam Maturidi dünýewi hökümleriň dil bilen ykrar edilmegini şert hasaplaýar. Ymamy Agzam Ebu Hanife hem «Iman kalp bilen tassyk, dil bilen ykrardyr» diýýär. Olaryň esaslanýan delili bolsa, şu aýatlardyr:

    «Eý Pygamber, kalplary bilen ynanmasalar-da, dil ujyndan «ynandyk» diýenler, ýahudylaryň küfür içinde ýaşaýanlary seni gynandyrmasyn»,(Maide 41).

    Hakyky imanyň kalpda kök urmagynyň zerurdygy Nahl süresiniň 106-njy, Müjadele süresiniň 22-nji aýatynda hem nygtalýar.

    Ymam Şafygy, Ymam Mälik, Ahmet b. Hanbel, Ibni Hazm we Ibni Teýmiýe imany şeýle taryplapdyr:

    «Iman – ynanylmagy zerur bolan zatlary kalpda tassyk, dil bilen ykrar we yslamyň esasy rükünlerini amal etmekdir». Bu taýda amalyň hem goşulmagy bilen imanyň mazmuny giňelýär. Ýöne olar munuň bilen kämil imany öňe sürüpdirler. Ýogsa: «Amal etmedik kişi käfirdir» diýen pikiri göz öňünde tutmaýarlar.

    Allah Tagala imany görkezýän birnäçe alamat we şertleri bildiripdir. Bular yslamyň şertleri bolan: kelemeýi şahadat, bäş wagt namaz, zekat, oraza, haj we şuňa meňzeşlerden ybaratdyr. Bu amallar kimde görünse, ol kişiniň Mü'mindigine şaýat bolunýar. Beýle kişi namazda ymam bolmak, musulman aýala öýlenmek, jynaza namazynyň okalmagy we musulman gonamçylygyna jaýlanmak ýaly dünýewi hökümlerden peýdalanýar. Bu amallar imana güýç berýär. Imanyň kalpdaky nuruny artdyrýar. Ynsany azapdan halas edýär. Allahyň lutuf we yhsanyna ýetirýär. Ymam Eş’arynyň ýene bir düşünjesine görä, «Iman kalbyň tassyklamagy bilen birlikde diliň ykrary we amaldan ybaratdyr».

    Iman – Allah tarapyn beşeriň wyždanyna yhsan edilen, ony ýagtylandyrýan, hatda özüni gurşap alýan ähli zady tanadýan bir nurdyr. Ynsan bu nur bilen tutuş äleme dost nazary bilen seredýär, parahat we sag-salamat ýaşaýar.

    Şeýle hem iman – güýç-kuwwatdyr. Ol ynsany hakyky kämillige ýetirýär. Hatda ony äleme soltan we halyf derejesine göterýär. Imanyň berýän giňligi netijesinde ynsanyň akyly, ruhy we kalby sagdyn bolýar. Şonuň üçin, älemde iň belent we iň parlak hakykat imandyr. Imandan soň bolsa, namazdyr. Namazdan hem öňde goýlan imana uly ähmiýet bermelidiris.

      Current date/time is Wed Oct 18, 2017 3:20 am