Yslam Dini

Yslam dini barada türkmen dilindäki ýazgylar toplumy


    Imanyň görnüşleri

    Share

    Admin
    Admin

    Posts : 20
    Join date : 21/11/2009

    Imanyň görnüşleri

    Post  Admin on Mon Nov 23, 2009 5:28 am

    Imanyň ijmaly we tafsili derejeleri bardyr.

    Ijmaly iman – Allaha we Pygamberimiziň Allah tarapyndan getiren zatlarynyň ählisine şübhesiz ynanmakdyr. Kelimeýi towhyd – «Lä ilähe illallah Muhammedur-resulullah» ijmaly imany doly düşündirýän bir jümledir. Ýöne ynsan üçin ijmaly iman azdyr. Ijmaly iman muazzam bir köşgüň gapysyndan içerik ätlän ýalydyr. Diňe gapydan ätlemek köşgi tutuşlygyna tanamaga ýeterlik däldir.

    Tafsili iman – bu dini kitaplarymyzda «ämentü» ady bilen meşhurdyr, ýagny, Allaha, meleklerine, kitaplaryna, pygamberlerine, ahyret gününe, kaza we kadere, öleniňden soň, haşr gününde gaýtadan dirilmäge, mukafata (sylaga) we jeza ynanmakdyr. Şeýle hem, iman – tutuşlygyna bolşy ýaly aýry-aýrylygyna-da hezreti Muhammediň (s.a.w.) kitap we sünnet arkaly teblig eden anyk, kesgitli habarlaryna, hökümlerine esaslanýandyr. Allahyň we Resulullahyň myradyna, razylygyna daýanýandyr. Başgaça aýdylanda, tafsili iman – imanyň alty şertini esas edinip, diniň farz, wajyp, halal we haram saýylýan zatlary barada ähli buýruklaryny giňişleýin öwrenip ynanmakdyr.

    Başga bir nukdaýnazardan iman – taklidi we tahkyky diýlip atlandyrylýan iki görnüşe bölünýär.

    Taklidi iman

    Oýlanman, derňemän, diňe töweregini ýa-da birini taklid etmek, ýagny, oňa eýermek netijesinde döreýän imandyr. Şeýle imanly kişi käbir şübheden arassalanyp bilmeýär. Pitne we fesad asyry bolan ahyrzamanda imany taklidi bolanlar Mü'min bolup oýanyp, käfir bolup agşam uka gitmegi, käfir bolup oýanyp, Mü'min halda agşama barmagy, şübhä gark bolup ýaşamagy ähtimaldyr. Beýle kişileriň köpüsi hakykata laýyk ýaşaman ahyrete barýar. Şeýle hala düşmekden, Allah gorasyn!

    Tahkyky iman

    Imana degişli ähli meseleleri derňäp öwrenmek, bilmek, şoňa görä ýaşamak, tahkyky imana ýetirýän Kurany Kerimi we onuň tefsirinden ybarat bolan imana degişli eserleri köňül berip okamak, hezreti Muhammet (s.a.w.) bilen dört çaryýarlaryň hal we hereketlerini öwrenip, olary özüňe nusga edinmekdir. Başgaça aýdanymyzda, tahkyky iman – Mü'miniň Allah Tagalanyň eserlerine we älem-jahany dolandyryşyna seredip, Onuň her ýerde häzir we nazyrdygyny bilmegi we Allahyň özüni görýän ýaly ýaşamagy diýmekdir. Bu bolsa, imanyň kämil derejesidir. Şol bir wagtda yslamyň özenidir, esasydyr, hakykatydyr.

    Yslamyň maksady ynsanyň diňe içini däl, daşyny hem arassalamakdyr. Şonuň üçin hiç bir päsgelçilik ýokka, imanyny diňe kalbynda gizleýän, ony aýan we yglan etmeýän kişiniň imanynyň Allahyň dergähinde gadyrynyň ýokdugyny kitap we sünnetiň ençeme delilleri subut edýär.

    Hawa, diňe ykrar bilen imany gazanyp bolmaýar. Eger gazanyp bolýan bolsa, ähli munafyklar Mü'min saýylardy. Şeýle hem diňe magryfet, ýagny, bilim arkaly imana ýetip bolmaýar. Eger bolýan bolsa, Ähli Kitabyň barysy Mü'min saýylardy. Çünki, olar Pygamberimiz we din bilen baglanyşykly hemme zady has içgin bilýärdi. Netijede, musulman diňe nalaç ýagdaýda imanyny wyždanynda gizläp biler. Bu bolsa duşmanyň oňa sütem edýän wagtydyr.

    Iman – eýesini yslamyň halamaýan ähli erbetliklerinden saklamalydyr we yslamyň halaýan peýdaly işlerini oňa amal etdirmelidir. Bir kişiniň imany ony haramdan saklamaýan, dagy bolmanda, farzlary berjaý etdirmeýän bolsa, şol kişiniň imany ejizdir. Beýle iman pagta süýümi ýaly sähel sebäp bolsa, üzülip gidýär. Çünki, kişiniň amaly iman getirmegini däl-de, imany onuň amal etmegine sebäp bolmalydyr. Ýagny, musulman amal edýänligi üçin iman getirýän däldir, iman getirendigi üçin amal edýändir. Şol sebäpden hakyky iman amal bilen görünýär.

      Current date/time is Mon Dec 18, 2017 5:43 am