Yslam Dini

Yslam dini barada türkmen dilindäki ýazgylar toplumy


    Iman we yslam

    Share

    Admin
    Admin

    Posts : 20
    Join date : 21/11/2009

    Iman we yslam

    Post  Admin on Mon Nov 23, 2009 5:34 am

    Imanyň we yslamyň özara baglanyşygy



    Yslam – sözlükde tagat kylmak, boýun bolmak, musulman bolmak diýmekdir. Ystylah manysy bolsa, Allah Tagala boýun egmek, hezreti Muhammediň (s.a.w.) din diýip habar beren ähli zatlaryny kalp bilen tassyk, dil bilen ykrar etmek we olardan hoşal bolmakdyr. Bu düşündirişe görä, yslam we iman biri-biri bilen manydaşdyr. Yslam – «din» manysynda hem ulanylýar. Allahyň dinine diňe «din» diýlişi ýaly, «millet, şerigat, yslam we yslam dini» hem diýilýär.

    «Jibril hadysy» ady bilen meşhur bolan hadysda: «Iman, yslam we yhsan» sözleri barada soralan soraglara, Pygamberimiziň jogap berşini hezreti Omar şeýle gürrüň berýär:

    «Bir gün Allahyň Resulynyň ýanyndadyk. Ak eşikli, gara saçly bir adam geldi. Onuň uzak ýol sökmändigi mese-mälimdi. Emma hiç birimiz ony tanamadyk. Ol Pygamberimiziň öňünde çök düşüp oturdy. Dyzlaryny Onuň dyzlaryna degirdi. Ellerini bolsa, Allahyň Resulynyň dyzlarynyň üstünde goýup sorady: «Yslam nämedir? Maňa düşündir». Allahyň Resuly jogap berdi: «Yslam – Allahdan başga ilahyň ýokdugyna, Muhammediň Allahyň ilçisidigine ynanmagyň, namaz okamagyň, zekat bermegiň, oraza aýynda agyz beklemegiň, güýjüň ýetende haja gitmegiňdir».

    – Dogry aýtdyň, onda iman nämedir?

    – Iman – Allaha, Onuň meleklerine, kitaplaryna, pygamberlerine, ahyret gününe, kaza-kadere, haýyr we şeriň Allah tarapyndan ýaradylandygyna ynanmagyňdyr.

    – Dogry aýtdyň. Yhsan nämedir?

    – Yhsan – Allah Tagalany görýän ýaly Oňa ybadat etmegiňdir. Sen Ony her näçe görmeseň hem, Ol seni hemişe görýändir», (Buhary, Müslim).



    Iman we yslam bir-biriniň üstüni ýetirýän bir hakykatyň iki tarapydyr we hakdan ybarat bolan diniň iki esasydyr. Yslam – imanyň bir alamaty, iman bolsa, yslamyň esasy sütünidigi üçin olary biri-birinden aýyrmak mümkin däldir.

      Current date/time is Sun Aug 20, 2017 11:28 am