Yslam Dini

Yslam dini barada türkmen dilindäki ýazgylar toplumy


    Imanyň ähmiýeti

    Share

    Admin
    Admin

    Posts : 20
    Join date : 21/11/2009

    Imanyň ähmiýeti

    Post  Admin on Mon Nov 23, 2009 5:41 am

    Imanyň ynsan üçin ähmiýeti


    Iman – ynsanyň ýaradylmagynyň sebäbidir. Ýagny, ynsan Allahy imany bilen tanamak we Oňa ybadat etmek üçin ýaradylypdyr. Ynsan ýaradylyş maksadyna laýyklykda ýaşasa, ahyretde ebedi sagadata ýeter, jennete girer. Tersine ýaşan ýagdaýynda, jähenneme atylar, ebedi şowsuzlyga, betbagtlyga uçrar. Bu nukdaýnazardan iman – ynsan üçin ebedi sagadaty gazanmak wesilesi we jennetiň açarydyr. Jennete imansyz girilmeýär. Bu jähtden ynsanyň iman getirmegi we şol imanyny soňky demine çenli ýitirmän, pese gaçyrman goramagy gerekdir. Ol, ýagny, iman älem-jahandan we onuň içindäki ähli zatdan has wajyp we gymmatly nygmatdyr.

    Iman şeýle uly ähmiýete eýe bolany üçin, Pygamberimiz bir hadysy şerifinde:

    «Imanyňyzy «lä ilähe illallah» diýip täzeläň» diýipdir. Imanyň pese gaçmak, ýitmek ähtimallygy hemişe bar bolany üçin şeýle aýdyldymyka? Imany täzelemek meselesini Bediuzzaman şeýle düşündirýär:

    «Ynsanyň hem bedeniniň, hem äleminiň täzelenip durany üçin ol hemişe tejdidi imana – imanyny täzelemäge mätäçdir. Çünki, adamzadyň her bir şahsynyň ruhy taýdan ençeme şahsyýetleri bardyr. Ynsan öz ömrüniň dowamynda ýyllaryň, belki günleriň, belki-de sagatlaryň sanyça üýtgäp, başga şahsa öwrülip durýar. Çünki, ynsan – zaman bilen gurşalany üçin, özboluşly bir modeldir. Ol her gün täze, başga bir şahsa öwrülip durýar.

    Ynsanyň üýtgäp, täzelenip durşy ýaly, ýaşaýan älemi hem hemişe üýtgäp durandyr. Her gün başga bir älem sahypasy açylýar. Iman bolsa, ynsandaky sansyz üýtgemeleriň durmuş nurudyr, giren äleminiň ýagtylandyryjy yşygydyr. «Lä ilähe illalah» bolsa, ol nuruň perdesini syrýan açardyr.

    Şeýle hem ynsana nebis, hewa, wehm we şeýtan hemişe täsir edýär. Olar ynsanyň imanyna zelel ýetirmek üçin, onuň gaflatyndan peýdalanyp, ençeme hileler gurýar. Şübhe we was-waslar bilen iman nurunyň öňüne perde tutmaga çalyşýarlar. Mundan başga-da ynsanda şerigata ters, hatda käbir alymlaryň pikiriçe, küfür derejesinde täsir edýän sözler we hereketler az bolmaýar. Şonuň üçin her wagt, her sagat, her gün tejdidi imana mätäçlik bardyr»,
    (Mektubat)

      Current date/time is Wed Oct 18, 2017 3:18 am