Yslam Dini

Yslam dini barada türkmen dilindäki ýazgylar toplumy


    Imanyň artmagy we kemelmegi

    Share

    Admin
    Admin

    Posts : 20
    Join date : 21/11/2009

    Imanyň artmagy we kemelmegi

    Post  Admin on Mon Nov 23, 2009 5:47 am

    Imanyň artmagy ýa-da kemelmegi


    Ygtykatdaky mezhebimize görä, iman artmaz hem kemelmez hem, ýagny mizemezdir. Çünki amal imandan bir bölek däldir.Ýagny iman ynanylmagy hökmany zatlar (iman esaslary) taýyndan artmaz we kemelmez.Iman esaslarynyň hemmesini kabul edip, olaryň käbirine ynanmasa, mysal üçin ahyretiň, haşryň hakykatdygyny, serhoş ediji içginiň we zynanyň haramdygynay inkär eden kişi iman eden saýylmaz. Iman meselesinde sowatly bilen sowatsyzyň, aýal bilen erkegiň we ş.m. arasynda hiç hili tapawut ýokdur. Kalbynda imany bolan her kes jennete girmelidir. Ýöne jennete girmegiň görnüşi dürli-dürlüdir. Soragsyz-sowalsyz jennete girmek bilen, gabyr, syrat, haşr berzahyndan geçip, olaryň kynçylyklaryny çekeniňden soň girmegiň arasynda, elbetde, juda köp tapawut bar.

    Bu nukdaýnazardan, iman güýçli ýa-da ejiz bolmak taýyndan tapawutlanar. Çünki amal bilen imanyň arasynda göni gatnaşyk bardyr. Amal edildigiçe, iman güýçlener. Kurany Kerimde hem munuň bilen baglanyşykly «Mü'minler şeýle kişilerdir, ýanlarynda Allah ýatlanylanda olaryň ýüregi titrär. Allahyň aýatlary okalanda bolsa, olaryň imany zyýadalaşar, ýagny güýçlener»(Enfal, 2) diýilýär.

    Imanyň artmagy ýa-da kemelmegi meselesini «ijmaly iman», «tafsili iman» kesgitlemeleri doly düşündirýär. Ýagny, «ijmaly iman» – iman edilmeli meseleleri diňe ykrar etmekdir. «Tafsili iman» bolsa, ykrar bilen birlikde imany meseleleri giňişleýin düşünip amal etmekdir.

      Current date/time is Sun Aug 20, 2017 11:28 am